This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Halkym

Gaýduwsyz,

batyr hem biçak edepli,

Emma, käbir zatda geleňsiz halkym.

Ýurt baryny çapyp asyrlar boýy

Ýurt eýesi bolman gelensiň halkym.


Egilmediň,

egri gylja daýandyň,

Egrilikden nyşan ýokdur zandyňda

Ýöne, kän horluga duçar bolduň sen,

Öz köre-kör gazabyňda ýandyňda.


Güne ýatanam han,

serkerdäňem han,

Öňde-soňda bir agyza bakmadyň.

/Maňlaýsyz mert hakda söhbet açylsa,

Halkym,

ilkinji söz özüň hakdadyr!/


Söweş güni Göroglydyň, Keýmirdiň,

Başga mahal daýhan ýada çopandyň,

Ynanjaň, yňdyrma, şeýlekin sada,

Şol sebäpli bir-biregem çapansyň.


Sen öňem azlykdyň, hasam azaldyň,

Bölünip kän taýpa, kän tirelere.

Soňsuz söweşlerden ürken ykbalyň,

Uýan süýräp gitdi gör, nirelere!


Halkym,

eý, türkana, yňdyrma halkym!

Nämeleri ýitirenňi duýsaňdyň.

Mümkin bolan zatlaň baryn ýitirdiň,

Galdy diňe namys-aryň,

buýsanjyň.

Çary Ýegenmyradow
Watan
Durmuş
söýgi bilen döredildi •