This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Seniň adyňda

Dünýäň bar derýasy seniň adyňda,

Iňrigi, şapagy, ýagyşy, gary,

Meniň yhlas eden zatlarmyň bary —

Seniň adyňda,

Seniň adyňda.


Ýüzüni öpenim,

Tohum sepenim,

Bu dünýede ýitirenim, tapanym,

Topragym!

Gam-gussam seniň adyňda.


Sen bolmasaň, oňat bordy dogmanym,

Sen bolaňsoň, bu giň dünýä sygmanym,

Tylla gyryndysy edip ýygnanym

Namysym, mertebäm —

Seniň adyňda.


Seniň päk adyňda görki bu dünýäň,

Ylaýym sarsmasyn örki bu dünýäň.

Dünýäniň mukaddes ähli zadyny

Jemländen soň,

Seň ajaýyp adyňy

Bir ullakan wysal,

Uly ynam dek,

Doga kimin gaýtalaýan her gezek.

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
Watan
söýgi bilen döredildi •