This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Çagalary zor gördüm

Enesi-atasy käýese-de kän,

Çaga-çaga bolar,

diýen etmezek.

Köçe durmuşynyň däbine görä,

Dawalaşsa, çykýar olar ýekme-ýek.


Çagalaryň şol ajaýyp kanuny,

Garşy bolýar ýykylany depmäge.

Birem şugulçylyk — ýigrenilýän zat,

Şeýle diýip öwredýändir mekdebem.


Çagalar öz kanunyna tabyndyr,

Dawalylar uruşdan soň ýaraşýar,

Görýän welin, ulular-a beýle däl,

Käbirleri entäriňe garaşýar.

Çary Ýegenmyradow
Çaga
Durmuş
söýgi bilen döredildi •