This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Öten agşam ýene düýşüme girdi...

Öten agşam ýene düýşüme girdi,

Daglaryň bürgüdi, sähranyň gurdy.

Aýpalta çalymdaş

emma owadan,

Aýam aýnamyzdan delminip durdy.


Gurdy gördüm, sähralary küýsedim,

Bardyr ol ýerleriň keýik, maraly.

Hergiz jany şypa tapyp gaýdandyr,

Derman küýpäp baran süňňi ýaraly.


Bürgüdi görübem dagy küýsedim,

«At salyp, gezmäge daglary ýagşy».

Alla nesip edip, ajal maý berse,

Ýatlap owsunmaly çaglary ýagşy.


Men şatdym,

şatdym men,

kalbym ýagtydy,

Garyp çatmaň içem durşuna nurdy.

Aýpalta çalymdaş, emma owadan

Aýam aýnamyzdan delminip durdy.

Çary Ýegenmyradow
Tebigat
Durmuş
söýgi bilen döredildi •