Goşgular Çemeni
Ümsüm gije aýnamyzdan delminen
Aý asmanda erän mesge ýalydyr.
Görsem diýip barmajagm-a belli meň,
Ýogsam, ol köňlümiň besleýänidi.
Tisginýärsiň, o dünýäden gelýän dek,
Pejiň turbasyna düşen sesinden.
Ak guş deý ruhy çykman kelläňden
Ýaşlygyňda baky galan nesilleň.
Gussaň ýyllar boýy ýuwulmaz hatam,
Ejir çekme, hesret bagryň deşende.
Men galdym, ýelli gün sygyryp ýatan
Güllesi göwsümde galan peşeňde.
Razy bol (men harajat dilämok),
Gije ahwal bolup dolanmagymdan,
Ýaşa, kyn günüňde isläp delalat,
Derdiň soran goňşy-golamlaryňdan.
Gamlanma, hesretde gül ýüzüň solup,
Ak dumanly güýz gelende haçanda.
Baglarda ýapraklar höwesiň bolup,
Pudakdan serçe dek gaýyp gaçanda.
Mendirin şol, nowruz gary gelende,
Bulutlar goýalyp, mürepbe ýaly.
Öýüň öresi ýok diýip elenme
Mahmal hüwdüleriň ýürekde häli.