This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Ýaşlyk bilen hoşlaşyk

Men heniz garramok,

ýaňy-ýakynda

Ýaşlyk bossanymdan ätledim daşa.

Indi şol ýyllaryň ýatlamasy hem

Maňa melhem bolar, iş düşse başa.


Ýaşlykdan ýadygär bir owaz galdy,

Gamgyn we joşgunly ol aýdym-mukam.

Ýa-da ýaşlyk bilen hoşlaşan çagym

Az-kem ejizlejek bolaýdymmykam?


Her döwrüň öz derdi boluşy ýaly,

Öz aýdymy bolýandyr her döwrüňdem.

Täze aýdymlary eşidip häzir,

Oýa batýan, diň salýan-da böwrüme.


Belkem, şol gowudyr,

döwür çalyşsa

Hemmä ýeter juwan bolmak gezegi,

Görüň, bu gün başga-başga oglanlar

Boldy, allanäme toýuň bezegi.


Nobat siziňkidir,

oýnaň ýigitler

Tans edýänleň halkasyna giriň-de.

Şatlanyň,

şatlykdan bir ýaşaň şu gün,

Men olsa, onsuzam otuz birimde.

Çary Ýegenmyradow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •