This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Ýat ýere gyz bermäň!

Wah, ne gözel maşgala,

Keşde çekse sünnälän.

Bigadyra duş bolup,

Görýän güni gün däl-ä.


Belki, Allaň buýrugy,

Arzuwynyň paşmany,

Basýar onuň egninden,

Ýat illeriň asmany.


Bagt diýlen zat berlenok,

Gözýaşa ýa badaga.

Indi gyzyň yhlasy,

Şu ojaga sadaga.


Käbir gyzyň gylygy,

Açmaýar hiç ýüregni.

Ynanýar hossaryna,

Ykbalynyň küregni.


Dillenmegi kyn görer,

Bir utanjaň — ýazygy.

Üme düşmez eşitmez

Gyz kalbynyň sazyny.


Gyzy oda atanyň

Ýandak bitsin meýdine.

Günä galmak bolarmy,

Bu döwürde beýdibem?


Gaýynlary öwse-de,

Hoş ýakanok gulaga.

Ýöne, ile bildirmez,

Günlerinem bulamaz.


Bu öý bilen garyşar,

Çeker ýörer keşigni.

Ýuwar-ardar äriniň,

Dolagyny, eşigni.


Söýgüsizem sebäp bar,

Döremok, dogulmaga.

Ýüzi düşer bäbege,

Gyzlara, oglanlara.


Kem-kem ýatdan çykyşar,

Arzuwlarnyň paşmany.

Häzir welin, egninde,

Ýat illeriň asmany.

Çary Ýegenmyradow
Durmuş
Söýgi
söýgi bilen döredildi •