Goşgular Çemeni
Onuň barlygynda toý edýär bu gün
Her şäher, her oba, her köçe, her jaý.
Biz bada göterip, arzuw edýäris
A, Ol arzuwlary edip ýör berjaý.
Bu gün myhman gelýär çäksiz älemden
Näçe tarap bolsa, şonça tarapdan.
Ýewropadan, Afrikadan, şeýle hem
Türkiýeden, Eýrandan hem Arapdan.
Bu gün — ulus-iliň şatlanýan wagty
Ertiriň gaýgysyn edýär Ol şu gün.
Maksady — türkmeniň egsilmez bagty
Baky agzybirlik isleýär göwün.
Garaşsyz ülkede ýeke-täk Adam,
Ýadasa-da dynçlyk gadagan Oňa —
Eger şeýle meýil döräýende-de,
Bu isleg hemişe goýulýar soňa.
Ol uly işlere töwekgel boldy,
Il-gün üçin ätiýajy bermezden.
Il üçin könelmez aklyk boldy Ol
Il üçin heýkelem boldy mermerden.