This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Alamat

Gözüme bir ýagşy alamat ildi,

Şondandyr, köňlüme heser ýeteni.

Maňa kän zat wada berýän şekilli,

Galgap gitdi, al şapagyň etegi.


Belki, ýene alçy gopar aşygym,

Egsilen göwnümem doldurar hyjuw.

Egmerin hiç, egilmejek başymy,

Könelmejek tenha arzuwymdyr bu.


Bilýän ýogsa, ykbal sähel salymda,

Ilki saňa, soňam özgä näz eder.

Şol sebäpli durmuş oýna meňzeýär,

Emma ony oýnap bolmaz täzeden.


Bu oýna meňzeşden gözüm dokunmaz,

Äleme aşyk men, baş egýän güle.

Ahmal, ejir çekmen töhmet okundan,

Bagtym irde-giçde çökmese küle.


Gör, näçe ýyl horluk bary çekildi.

Töhmetlerem berdi bizar-peteňi.

...Maňa kän zat wada berýän şekilli,

Galgap gitdi, al şapagyň etegi.

Çary Ýegenmyradow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •