Goşgular Çemeni
Baharyň uzakda däldigni duýup,
Agylyndan çykjak bolýar dowarlar.
Şu günki çabgada ölmese buýup,
Ertir-ä olary örä kowarlar.
Öýlänçi ýagyşda, ýumşak şemalda,
Bigam argynlykda duýulýar maza.
Garry-gurtularyň käbiri şu gün,
Öýle namazynam goýupdyr kaza.
Öýde diňe üme düşmez bäbekler,
Öý hojalykçylar hemem hassalar.
/Ýüregiň awaýar şo bendelere,
Düşeginden galyp bilmän ýatsalar/.
Dükanyň işigi, urpajyk çäge,
Gojalaryň üýşýän ýeri owaldan.
Han-ha, eýýäm birnäçesi gelipdir,
Köwşüni aýaga çekip gowallaň.
Bazaryň nyrhyndan hemem ýaşlardan,
Zeýrenen bolýarlar endige görä.
Ýöne gamlanmaga sebäp ýok, şükür,
Durmuş hiç neneň däl, hezillik örän.
Uruş-gykylyk ýok, syrkawçylyk ýok,
Garrylyk derdi hem berenok azar.
Uly günä däldir, bular ýaly gün,
Öýle namazyny goýsaňam kaza.