This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Dostlukdan bähbit gözlemäň!

Dostlar bähbit gözläp, gitdi tirkeşip,

Sag gitsin-de, aman bolsun, goý, olar.

Barybir, günlerim garaňkyramaz,

Gijelerim altyn şöhlä boýalar.


Hergiz gynanamok, meniň adymdan,

Öz peýdasy üçin geplänlerine.

Men gaýta: «Hormatdan nyşandyr» diýýän,

Naharyma zäher sepmänlerine.


Bähbit bolsun, dostlar gitdi terk edip,

Sähel zat üstünde bolduk agzala.

Her kim her zatlara deňeselerem,

Durmuş diýlen meňzeş eken wokzala.


Aýlygynam telim sanap alardy,

Olar biçak zordy hasap-hesibe.

Gel, gowusy goýaýyn bu gürrüňi,

Adam gider, çeken bolsa nesibe.


Ýok, olar ýalňyşjak adamlar däldi,

Hökman ýedi ölçäp, bir kesendirler.

Belki, çyn bahamy aňlamak üçin,

Şunça ýyl bialaç tirkeşendirler.


Dostlar gitdi, bulaşypdyr hasaby,

Emma, dünýäm altyn şöhlä boýalar.

Tabagyma zäher sepmäni üçin,

Sag gitsin-de, aman bolsun, goý, olar!

Çary Ýegenmyradow
Dostluk
Durmuş
söýgi bilen döredildi •