This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Göçülen ýurt

Ýok eken obada janly-jemende,

Kibtin gysyp otyr pessejik tamlar.

Aslynda-da çakylyga emenme,

Göwnümde ýok diýsem, bolaryn mamla.


Gelmedim bu ýere çakylyk bilen,

Düşnüksiz bir duýgy ýeňimden çekdi.

Ýüregime kerep ýaly örtülen,

Ol duýgy işilen ýüpdenem bekdi.


Ýeldirgäp ýörmükäm diýdim men ilki,

Bu geň duýgy şemal ýaly ösende.

Adamlar, sizde-de bolandyr, belki,

Nämäň-nämedigni bilmän kösenme.


Ol maňa hiç ýerde bermedi karar,

Öýde, işde ýa-da toý meýlisinde.

Ýetim oglan ýaly durdy ol garap,

Wagtyhoş märekäň hol beýlesinde.


Şeýdip, kän ýyldan soň,

ýazyň bir güni,

Geň duýgy şu ýana ýeňimden çekdi.

...Kakam pahyr bilen ejem görgüliň,

Arzyly didary öňümden çykdy.

Çary Ýegenmyradow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •