This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Gedem gyza

Jogap bermän, ýeke agyz geplemän,

Sen nämüçin, ýigidi kän kösediň.

Zaryňy çekipdir telim hepdeläp,

Halyna dözmedim, synlap keseden.


Siziň ýanyňyzdan geçipdir ýoly,

Işe, toýa, garaz, nirä gitse-de

Hamana ol göze ilmeýän ýaly,

Yşk derdini ýeňletmänsiň pisseçe.


Bileňok, gedemlik — akmagyň däbi,

Sen onuň ýüzüne äňetmänsiňem.

Wah, onuňam arsyzlygnyň sebäbi,

Söýgi - kän alkyşlar, näletler siňen.


Gumry bol sen, ýa-da meňze jerene,

Kim bolsaňam päk söýgüden ürkme sen.

Iň bolmanda duýdur söýmeýäniňi,

Aşyk duýmaz, duýar ýaly dürtmeseň.


Sen oňa gürrüň ber söýgüliň hakda,

Ol hakda geplemek kyn düşmez saňa.

Kaýyl ol bar zada, kaýyl ol hatda,

Göwnaçyk ýylgyryp pyçaklasaňam.


Ýüzüňde gaýgy bar, gözüňde ünji,

Belli däl, mähriňi kime berjeksiň?

Söýüp bilmedikleň kän bor ökünji.

Beýle kişileri hernä ýer çeksin!


Ýok, myrtar keseli,

başynda keli,

Günä bolar hoş sözüňi gaýgyrsaň.

Senden akyllydyr, bilemok welin,

Her gije bir äri söýýän aýgyr hem.

Çary Ýegenmyradow
Söýgi
Durmuş
söýgi bilen döredildi •