This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Ile ýamanlyk etmerin...

Ile ýamanlyk etmerin,

Erbet däldir meniň zandym.

Ir ulaldym, bir ýetmezim,

Hem uly söýgä ir ýandym,


Indi onam öçürerin,

Hakydamyň lentasyndan

Goý, indi başga oglanlar

Yşka düşüp entesinler.


Ömrümden nadyl bolmaryn

Hem hiç köňli ýykmanyma.

Bagdan sary gül ýolmaryn,

Meňzeş görüp ykbalyma.


Şeýdibem men nesip etse,

Durmuşymyň batgasyndan,

Gam-hesretiň besse-besse,

Köňle üýşüp ýatmasyndan.


Geçip giderin, sag-aman,

Başga mekan tutunmaryn.

Özüm özümi tanaman,

Soň ýatlamda utanmaryn.


Ile ýamanlyk etmerin,

Erbet däldir meniň zandym,

Ir ulaldym, bir ýetmezim,

Hem uly söýgä ir ýandym.

Çary Ýegenmyradow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •