This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Ine, dogan geler...

Ine, dogan geler: “Dirimiň?” diýer,

Ynanmaýan ýaly ýaşap ýörenme.

Men: «Şükür» diýerin begenerin-de

Bu gün ýene aman-esen örenme.


Ol papagny bir gapdala taşlar-da,

Soňsuz nesihata başlar ýene-de.

/Biz ikimiz başga-başga adamlar

Döresegem bir ata, bir eneden/.


«Şahyrlykdan çörek iýmek kyn düşer,

Yhlasyňy siňdir ýeňilräk käre

Men bolsa diýerin: «Ynanaý agam,

Özümem alaçsyz, tapamok çäre.


Dünýämizde din köp, emma Hudaý bir,

Ol hemişe gorap ýörmez täk meni.

Girdaba gaçsamam, endişä galyp,

Başa çekip ýatma, köne çäkmeni.


Men indi çaga däl, şükür, goja däl

Öz başymy özüm çarajak borun.

Bir aýdymçy kimdigini bildirmez

Içinde bolanda köp sesli horuň!»


Ol gider, kalbyma howsala salyp,

Hem kisäme salyp, bir az-owlak pul.

Men: «Sag bol» diýerin, «Sag bol, jan agam!»

Emma arzuw eden günüm däldi bul.


Ilki arzuwlarym başga-başgady,

Çaga arzuwlarynyň baryp ýatany.

Men öz adym bilen bezemekçidim

Bezege mätäç däl eziz Watany.


Ähli ejizlere hossar boljakdym,

Naçarlara dogan, ýetime aga.

Emma bolsadydan hasyl önmeýär,

Başky arzuwlarmam gitdiler dagap.


Ýöne kemelmedi manysy ömrüň,

Kemelmedi durmuşyňam zynaty.

Ykbal ähli kişä mahsus zatlarda,

Ajy-süýji duýgusynda synady.


Men bütin ömrüme, şu güne çenli,

Agşam ýatyp daň atarna howlukdym.

Çünki bilýärdim men, ine, şu ýerde

Ýürek urup dursa soňy gowlukdyr.


...Ine dogan geler: “Dirimiň?” diýer,

Ynanmaýan ýaly ýaşap ýörenme.

Men: «Şükür» diýerin begenerin-de

Bu gün ýene aman-esen örenme.

Çary Ýegenmyradow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •