Goşgular Çemeni
Indi besdir,
gamgyn bolmak hebesdir,
Bolmadyk işler hiç, boljak iş boldy.
Her niçigem bolsa, ysgajak gülüm
Wagtynda açyldy, wagtynda soldy.
Şol sebäplem kalby lälezar eýläp,
Şat aýdym aýdaryn indiden beýläk.
Biminnet nur saçýan Güni hem Aýy,
Bu ýagty dünýäni görýän diýibem.
Toýa gitjek ýaly
her gün ir bilen
Öýümden keýpikök örýän diýibem.
Päkize kalbymy lälezar eýläp,
Şat aýdym aýdaryn indiden beýläk.
Bilip bolmaz, käte ownuk alada
Gam bolup, üstüme salsa kölege.
Şepagat taparyn aýdymdan-sazdan
Men öňdenem aýdym-saza ölemen.
Şol sebäpli kalby lälezar eýläp,
Şat aýdym aýdaýyn indiden beýläk.