This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Meýdan çagyrdy

Awa diýip çykdym, şu gün ir bilen,

Egnimde tüpeň bar, ýanym tazyly.

Seleň gyryň her ýerinde adama,

Meňzäp otyr, çomuçlaryň pazyly.


Islegim towşan ýa guş atmak däl-de,

Duýgularmyň örtügini sypyrma.

Ana, şol çomuçlar adama meňzeş,

Egni ýuka,

başynda-da şypyrma.


Tüpeňi egnimden düşüremok men,

Aw bolarmy munuň ýaly ümürde.

Gury ýowşanlary basyp geçemde,

Eşidýärin bir düşnüksiz hümürdi.


Maňa hökman däldi, gyşyň içinde,

Bu ýerleriň aňzagynda üşeme.

Emma, hoşal bolup ýatlaryn hökman,

Agşam girenimde, ýyly düşege.


Bu meýdanlar goýmaz soňam erkime,

Meni gizlin seda bilen çagyrar.

Şonda bir biçärä meňzeýär diýip,

Guran çomuçlara nebsim agyrar.

Çary Ýegenmyradow
Durmuş
Tebigat
söýgi bilen döredildi •