Goşgular Çemeni
Men indi ýazaýyn,
ýazmasam bolmaz.
Heniz kän ekeni diýmedik sözüm.
Bäş günlük dünýedir, galmaýyn gijä,
Ýürek egbarlapdyr, galmandyr dözüm.
Allaň emri bilen şu gije
köňle
Ylham indi, şükür elhemdilylla.
Hoş sözlerden saýlap, çemen bogaýyn,
Ýyly söz hassa-da melhemdir ylla.
Biri gamda galsa, erkin ýitirip,
Şygyrlarym çeksin onuň elinden.
Hüwdä meňzeş aýdym edip aýtsyn,
Bäbeklerni üwrän wagty gelinler.
Men indi ýazaýyn,
ýazmasam bolmaz,
Şygrym hoşwagt etjek bolsa bir kesi.
Şygrym nepis bolsun,
saz ýaly näzik,
Ýülmemesin aý-ýyllaryň tirkeşi.
Men indi ýazaýyn,
ýazmasam bolmaz,
Başga aladany çekeýin gyra.
Bilinmez sogabyň nirden geljegi,
Selälige çenli öçmesin çyram.
Çyram ýansyn dursun, ýüregim ýaly,
Heniz yhlas barka,
jan barka tende.
Garaňky gijede yşyk bardygyn
Görer, iň bolmanda, ötegçi bende.