This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Meniň kalbymda bahar

Sowetler ýurdunyň baýdagy ýaly,

Şapak

günbatarda saraldy-soldy.

Nädip düşündirjek beýle ahwaly

Şatlyk gursagyma sygmajak boldy.


Mawy duman içre sazak tokaýy,

Edil tütün ýaly burugsadylar.

Baharda kök urup, ösersiň diýip,

Olara Allanyň rusgady bar.


Ine, bahar geler,

hemmä deňlikdir

Ulumsy däldir ol, däldir tekepbir.

Bahar bir işeňňir gelin mysaly,

Her kime mynasyp köýnek tikip biýr.


Ol, eli açykdyr, zady gysganmaz,

Ýylgynlaryň paýy keteni bolar.

Belli däl, şo-ol töňňä näme ýetjegi,

Aý, oňa-da näme ýeteni bolar.


Dünýä nur çaýylar,

oýanar söýgi,

Janly-jandar yşka düşer esirär.

Şol sebäplem meniň kalbymda bahar

Hem ýalňyz durnanyň zaryn sesi bar.

Çary Ýegenmyradow
Durmuş
Tebigat
«Meniň kalbymda bahar» /S.Ýesenin/
söýgi bilen döredildi •