This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Mynajat

Eger, bir ýaman söz sypsa dilimden,

Alla jan, sen mendan etme aýyp-syn.

Çünki, bu dünýäde gören-eşdenmi

Paýyş söz agzaman beýan etmek kyn.


Sen — Hudaý isleseň, islemeseňem,

Menem, özüň bilýäň, ýazykly bende.

Emma mundan beýläk sejde kylmaga

Jinnek ýalam takat galmandy mende.


Sebäbi bäş ýyl öň, gyşyň bir güni,

Hak söz üçin tyg urdular bedenme.

Sen Hudaý halyňa utanmadyňmy

Meni şol günlere duçar edenňe?


Kisäm kör-köpüksiz,

ýat dilde gepläp,

Kömek sorap ýada boldum hemşeri.

Bir gögele oglan on sekiz ýaşly

Huzuryňda durmanmydym kemşerip?


Başym ýaşdy, ýagşy pälimden başga,

Ýokdy meniň ýaşamaga serişdäm.

Niredediň şonda, Gudraty güýçli,

Nirededi on müň sany perişdäň?


Men soňra kem-kemden içgä imrindim,

Höwes etdim zährimarly bokala.

/Elbetde, şol günleň ajysy hakda

Ýazyp bordy kitap ýa-da makala/.


Emma men ýazmadym,

elim degmedi,

Ile diýmäge-de barmady dilim.

Ýeri, diýdimem-dä,

peýdasy näme?

Hiç kimem kireýsiz kakmaýar kilim.


Dogry içen wagtym teselli tapýan,

Ýöne uzak çydap bilmen beýdibem.

Aý, näm bolsam, şol bolaýyn, owarram,

It çeýnesin, garga çoksun meýdimem.


Barybir, ynamsyz ömür sürenden

Ile meňzeş bolup ölenim ýegdir.

...Her niçigem bolsa, unutmaryn men,

Nämüçin sen meniň göwnüme degdiň!?

Çary Ýegenmyradow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •