This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Obada

"Ýazýan" diýsem, arzaçydyr öýdenler,

Düňle görýän adamlaryň käsini.

Emma, gelen çagy, kowman öýden men,

Ýetirýärin gürrüňlerniň häsini.


Men barsamam, ýer berýärler töründen,

Bu obada hemmämiz bir nebere.

Başymy dik tutup, ýaşap ýörün men,

Dogry, sebäbem ýok başym egere.


Göwnüme jaý bu obanyň däpleri,

Men olary turuwbaşdan haladym.

Bärde uly-kiçi bary edepli,

Paýyş sözler aýdylmaýar mala-da.


Bir gysym çöpleme bermesemem men,

Ýa oduna nepýag damdyrmasam-da.

Ýol bilen barýarkam, duz hödürleýär,

Nan ýapýan zenanlar tamdyr başynda.


Şonda duz dadýaryn, «Sag boluň!» diýip,

Ýogsam, zar dälem men döwüm çörege.

Bilýän, iliň halal duzuny iýip,

Aňsat maňa, ýollarymda ýöreme.


Men öz obam bilen bir tenu-bir jan,

Bu ýerdekäm ýüregimde gam durmaz.

Bagtymyz güllesin, güllemesin nan,

Hem hiç haçan sowamasyn tamdyrlar!

Çary Ýegenmyradow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •