This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Ojak başyndaky oýlar

Käbir arzuwlarmyň paşmany üçin,

Göwnümde hiç kime saklamok kine.

Joşgunly ýüregme rahatlyk hemem,

Ertirime ynam atypdyr şine.


Açgöz hyjuwy hem wagşy islegi,

Ugratdym, gardaşlar, gümüň teýne men.

Hoşal men durmuşdan, ynjalyk bilen

Nesip etse, halal çörek çeýneme.


Ýogsam, öňler il içinde gezemde,

Durmuş meni bijaý ýowuz darady.

Ýüregimde yza galanam bolsa,

Ökünjim ýok, geçen günler barada.


Men ozallar şagalaňy söýerdim,

Boldum indi ynjalygyň sermesi.

Melul edýär ynha, şirin saz ýaly,

Ojakda gaýnaýan gazanyň sesi.


Kän oýlanýan, mal-garamyz barada,

Hojalykçy boldum, biçak özgerdim.

Öz köýnegim ýaly özüme ýakyn,

Öz aladam, öz şatlygym, öz derdim.


Han-ha, Nowruz batyr çygar çybygy,

At edinip, çapdyryp ýör daşarda.

Bar umydym şonda, köýen arzuwmy,

Hasyl etmek, belki, oňa başardar.


Özüm-ä, dogrusy, bu zatlar üçin,

Göwnümde hiç kime saklamok kine.

Joşgunly ýüregme rahatlyk hemem,

Ertirime ynam atypdyr şine.

Çary Ýegenmyradow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •