Goşgular Çemeni
Hany, dostum ölçersene,
Körän oduň kesindisin.
Ýol ýaly uzak bu gije
Söhbetimiz kesilmesin.
Gözenegin ýapma öýüň,
Çekme öýüň serpiginem.
Şu görnüşi arzuw etdim,
Arzuwy bar her kimiňem.
Ot başynda oturaly,
Ot orazdyr, höwür bolar.
Hoşal bolup ýatlarys kän,
Soň şeýle bir döwür bolar.
***
Bagşy bolgun diýip maňa
kän sargapdy kakam bende.
Nätjek, arman ýürek bar-da
Hoş owazly ses ýok mende.
Çyn aýdymyň höwesinde
Ýaşadym ýaşan ýaşymy.
Şol sebäplem nobat senden,
Aýdymyň-sazyň aşygy.
Dost-ýar eşitse köwlener,
Göwni gaýry gaýra teser.
Niçik bolar bilbilgöýä
Öz wagtynda saýramasa.
Dünýe toýhana meňzeýär
Yşky aldy erkimizi.
Gözenegin ýapma öýüň,
Çekme öýüň serpigini.