This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Otuz ýaşdan soň

Göwnüme bolmasa, zerur däl indi,

Arzuwa beslenip, kaşaň geýinme.

Wagtyhoş bolsamam, meýlis kölünde,

Alada bar, şatlygymyň teýinde.


Hoşlaşygyň wagty golaýlap geldi,

Sag bol, ýaşlyk — ömrümiziň şatlygy.

Men garrap baramok,

şonda-da belli,

Goja bolmagyňam niçik zatlygy.


Kaýyl indi, şu ömürde tapanma,

A, öň mydam gözlegdedim jahanda.

Ynjalyk tapýardym apy-tupanda,

Gök gürleýip, ýyldyrymlar çakanda.


Harbylarça dik tutýaryn katdymy,

Kän bir üýtgän zadam ýok-la keşbimde.

Gojalygam däldir bagtyň ýatdygy,

Şeý diýdim men otuz ýaşdan geçdim-de.


Bu boluş kanundyr dünýäler döräp,

Göwün guşy telim gezek göç eder.

Şükür, häzir-ä men barýaryn ýöräp,

Ýaşlyk atly iň ajaýyp köçeden.

Çary Ýegenmyradow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •