Goşgular Çemeni
Täleýimi garadym bazar jaýynda,
Sygan aýalynyň kartlarynda.
Çapyljak at ýaly gozgalaň tapdym,
Içki howsalamyň artmagynda.
Ol baky ýitigme kän garaşdyrman,
Umydymyň öresini çykardy.
Maňa nazar salan ýaş şazadanyň,
Gözleri göm gökdi, ýüzi çypardy.
Her niçigem bolsa, bagtyň nyşany
Başymy sämetdi, gozgady kalby.
Ýogsam, palçy aýal, näme üçindir,
Goýun gözli gyzy bermedi salgy.
Ömür pile ýaly sarap ýyllary,
Şatlygy gowşurdy paýyma ýeten.
Ýöne, ykbal ýanaşmady şo gyza,
Täleýiň oýnuna çäre ýok eken.
Ýene ýolum düşdi bazar jaýyna,
Palçy aýalyň daşy giden mähelle.
Ýöne, bagty agtarmaga bu gezek,
Mende höwes tapylmady sähel-de.