This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Parla, Tugum!

Tugum, maňa biçak zerur ekeniň,

Zerurlygy ýaly köýnek-balagyň.

Men indi äleme uýatsyz bakyp

Gamgyn oýlarymyň berdim talagyn.


Göge galan günüň göz dokundyryp,

Görgi baryn beren eýýam soňlandy.

Biz Garaşsyz diýip, jar etdi Serdar,

Jarnamasy älem içre oňlandy.


Parla Tugum,

görjek görsün, guwansyn,

Görüp bilmedikleň garagy aksyn.

Öňdenem bilýärin, görip kişiler,

Hergiz, il derdine ýaramazakdyr.


Olar ýagşy görýär mahmal-begresi,

Köýnek tiker ýa penjirä tutulyk.

Besdir, ownuk gürrüň gelişmez maňa,

Şatlanýarkam gamgynlykdan gutulyp.


Çünki, men äleme uýatsyz bakyp,

Gamgyn oýlarymyň berdim talagyn.

Tugum, maňa biçak zerur ekeniň,

Zerurlygy ýaly köýnek-balagyň.

Çary Ýegenmyradow
Watan
Durmuş
söýgi bilen döredildi •