This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Söýüp söýülmeseňem...

Kysmatyňy düzetmersiň el bilen,

Şol sebäpli, gynanmagyn birjigem.

Şor gözýaşdan gül göwünler kirjiger,

Görjegi gowudyr sen deý selbileň,

Kysmat bolsa, düzetdirmez el bilen.


Täze gül gözläniň bolmaz ýazygy,

Goý gitsin, saglykda ýetsin maksada.

Özge diňlär, göwün söýen sazyňy,

Şo zatlaram näler içiň ýaksa-da,

Gül gözläp gideniň bolmaz ýazgy.


Ýürek duýmaz sögünseňem ursaňam,

Ýitigini gözlär, gider soraga.

Başga hiç zat girip bilmez gursaga.

Seniň borjuň — mertebäňi gorama,

Ýürek duýmaz sögünseňem, ursaňam.


Boýdaşlaryň öz bagtyny mazamlar,

Gol tutuşyp, agşam çykanda seýle.

Agy bar ýerinde şirin sazam bar,

Nätjek-dä, dünýäniň gurluşy şeýle,

Her kim mydam öz bagtyny mazamlar.


Didäňde ýaş görse, bagtyň ýadyrgar,

Şonuň üçin süpür, gözden ýaşyňy.

Durmuş geçmez, şatlygyny dadyrman,

Dünýäde kän her gülüňem aşygy,

Şonuň üçin, süpür gözden ýaşyňy.

Çary Ýegenmyradow
Durmuş
Söýgi
söýgi bilen döredildi •