Goşgular Çemeni
Suratlarda adamlaryň keşbi bar,
Olar kän zat ýatladyp dur geplemän.
Pul saklanýan düwünçekde ýygşyryp,
Suratlary aýap saklaň, eplemäň!
Olar maňa janly ýaly bakyp dur,
Käbiri syrdaşym, käsi bigäne...
Her kimem bolanda, tapawudy ýok,
Dilim barmaz ýakymsyz söz diýmäge.
Gamgyn çagym seredýän-de oturýan,
Iremok men näçeler syn etsemem.
Olar ähli zada düşünýän ýaly,
Göwnüň üçin bermese-de ses-selem.
Adam köpi görüp, ulalyp ýaşy,
Otuzdan aňyrrak geçip ugrasa.
Çagalygy kän küýseýär ekeni,
Soňky günler kän bakýan bu surata.
Onuň bilen emedekläp, ylgaşyp,
At çapyşyp, bolduk mydam hemşeri.
Yhna, täleýinden öýkelän ýaly,
Gyýarak bakyp dur, çala kemşerip.
Görnüp dur boýnunda medala meňzäp,
Sünnäläp işilen alajajygy.
Ejesi görgüli syzandyr, belki,
Ony soň ykbalyň dalajagyny.
Gorasam diýendir bela-beterden,
Balasyna alajany dakanda.
Emma, alajyň ýok, erkiňe bakman,
Boljak işler bolaýýar-da jahanda.
O döwürde wezipeli kişiler,
Söýerdi könäni ýepbeklemegi.
Bir gezek, «Tahýaňda doga bar» diýip,
Käýäp aglatdylar mekdepde meni.
..."Ulalaýsak urşa gideli" diýşip,
Kän gezdik çagakak göwün ýüwürdip.
Soňra uruş söýgä ornuny berdi,
Ýaňagmyza örüp jahyl düwürtik.
Durmuşyň bardygy bilinmese-de,
Kitaplardan üzňe, mekdepden üzňe.
Dagap gitdik, soňky ekzamen güni,
Arzuwlarmyz hakda ýazdyk-da düzme.
Şükür, uruş-dawa bolmady emma,
Başga-da kän arzuwlarmyz paşmandy.
Bir ýyl soň baharyň jeýhun mahaly,
Bir owadan ýyldyz süýndi asmanda.
Ine, indem janly ýaly bakyp dur,
Hemem kän zat ýatladyp dur geplemän,
Pul saklanýan düwünçekde ýygşyryp,
Bu suraty goýaýyn men eplemän.