Goşgular Çemeni
«Çakyr kelle togalanar toý bolsa»,
Diýip menem bardym iliň çetinden.
Nahar iýdim,
toý töwirin galdyrdym.
Berhiz saklap, datmasamam etinden.
Toý gowy zat,
hemmäniňem arzuwy,
Tuwmaýak bolmasa, gyzsyz-ogulsyz.
Ýyldyzlary duşup, ýaş çatynjalaň,
Ak posalak bäbejikler dogulsyn.
Hany, toýuň bagşysynam diňläli,
Aýdyp bilýärmikä «Amman-ammany».
Ýogsam kä aýdymdan ýüzüň utanýar,
Geýip çykan ýaly ýyrtyk tammany.
Hindiçe tans edýär başaçyk bir gyz,
Nämemikäm diýýär saçy kesilen.
Ýüregiňi gopdurýan saz ýokmy başga,
«Sen-sen» bilen «Uçradym» bar, meselem.
Bilýän däldir heniz
ulaljagyny,
Ýaşkaň sähelçejik goýberseň hata.
Deň-duşum däl,
meniň sözüm diňlenmez,
Besdir, gulak goýsa enedir ata.
Indi gaýdaýsamam bolman durjak däl,
Öýde-de iş kändir, kändir alada.
Çet ýurduň sazlaram ýakymly ýaly,
Uzaklardan eşidýärkäň çalaja.
Allajan hemmäni toýa ýetirsin,
Däl özümem, şükür, ogulsyz-gyzsyz.
Öýlenjek öýlensin wagty ýetende,
Ýetişen gyzyňam başy bogulsyn!