This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Ýeňiş

Ýanwardamy,

Apreldemi,

Maýdamy,

Ýa başga aýdamy – gelerkäň haçan?

Çözülýänçä bu sowalyň jogaby,

Milýon ömürleri äkitdi ajal.


Garaşdyk biz Saňa gözümiz ýolda...

Emma weli Saňa garaşmak diýmek

Söýgüli bir gyza garaşýan ýaly

Erik saýasynda ah çekmek, köýmek

Däldi. Oňa görä has uly zatdy,

Garaşypdyk Saňa göreşler bilen.

Ol göreşleň niçik göreşdigini

Diňe garaşan däl,

Göreşen biler.


Garaşmak, göreşmek – bu iki dogan

Biri arzuw berdi, birisi ynam.

Şol iki doganyň bolan ýerinde

Mydam bola-bola gelýänsiň Senem.


Ahyry biziňki bolmalydyň Sen.

Şeýle boljakdygam anykdy juda.

Ýöne weli näçe pida çekmeli,

Näçe gerçeklerden düşmeli jyda?

Şonuň anygyny bilemzokdyk biz.

Öňünden çözerden kyndy bu sowal.


Emma weli näçe pida çeksek-de,

Biziň ýelkenmize urýardy şemal.


Arzuwdan, ynamdan dörän şol şemal

Urýardy ýelkene. Dolýardy ýelken.

Şoň ýaly şemalyň bolan ýerinde

Diňe

ilerligne gidiljek eken.

Ölmedikler

Seni gazanyp geldi,

Gelmedikler

Seni gazanyp öldi.

Şeýdip Sen ahyry biziňki bolduň...

Diýmek bir hakykat meň üçin belli:

Ömür – adam üçin gymmat zat. Emma

Ölüm hem gerek zat islände döwür.

Ölümsiz göreş ýok,

Göreşsiz Sen ýok,

Sensiz bolsa

kime gerekmiş Ömür.




Kerim Gurbannepesow
Watan
Durmuş
Goşgy gysgaldylyp alynan.
söýgi bilen döredildi •