This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

“A”

35-nji ýyl. Sentýabryň 1-i.

Güýzüň ilki güni. Iň ajap pasyl.

Ýadymdan çykanok henize çenli,

Soňky deme çenli çykmazam asyl.


Mekdebiň deregne – kiçijik kepbe,

Partanyň deregne – ýasama stol.

Her stol başynda – dört sany çaga,

(Käbirinde bäş hem bolmagy ahmal).


Her çagaň elinde –

Ýönekeý galam,

Her çagaň öňünde –

Suratly «Harplyk».

Göýä özümiz hem harplaň öňünde

Düzülşip oturan düşnüksiz-harpdyk.


Harp bizi tananok, biz bolsa harpy,

Harp bize seredýär, biz bolsa harpa...

Onýança-da birden garaja kepbäň

Gyzylja gapysy açyldy jarka.


Ätledi gapydan bir uly adam.

(Ýaşyny hasaplap otursam indi,

Uly bolup görnen şol uly adam

On ýedä-de ýetmän ekeni şindi).


«Salam!» diýip, ýüzümize seretdi.

Biz bolsa hiç zady görmedik çaga,

Ne-hä jogap berdik, ne-de gozgandyk.

Göýä bakan ýaly ullakan daga,

Hemmämiz aňkaryp ýüzüne bakdyk.

(Ýyljyraklap bize seredýär olam).

Öňümizde bolsa –

Suratly «Harplyk».

Ýene-de üç depder,

Ýene bir galam...


Ilkinji salamy şondan öwrendik.

Salamy ozalam bilýärdik weli,

Salam diýen sözüň uly manysyn

Ilki öwredipdi mugallym dili.


Ilkinji edebi şondan öwrendik.

Edebi ozalam bilýärdik weli,

Edep diýen zadyň uly manysyn

Has aýdyň edipdi mugallym dili.


Ilkinji «A» harpyn şondan öwrendik.

«A» harpyn ozalam bilýärdik weli,

«A» diýen harpdan soň «B»-niň bardygyn

Ilki öwredipdi mugallym dili.


Watanyň başyna iş düşen güni,

Moskwaň üstüne çekende bulut –

Biz üçin ilkinji boluşy ýaly,

Ýene-de gitdi ol ilkinji bolup.


Gidişi, gidişi –

Gelmedi gaýdyp...

Ýaşyny hasaplap otursam indi,

Onunjy klasly Nazar oglumyň

Ýaşyna-da ýetmän eken işindi...






Kerim Gurbannepesow
Çaga
Durmuş
Ilkinji mugallymym Nurýagdy Agaýewe.
söýgi bilen döredildi •