This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

At dakylmadyk gahrymanlar

Orta boýly, alçak agam

Öz dulunda ölmedi.

Bu wagta çen ýedi, sekiz,

On...

perzentli boljak agam

Gitdi, gaýdyp gelmedi.

Gitdi şeýdip

milýon-milýon

Atalardyr agalar.

Ine şeýdip önmän galdy

Ýene-de bir şonça milýon,

Ýene-de bir şonça milýon

Dünýä injek çagalar.


Käte-käte dürli oýlar

Hemra bolýar adama:

Dünýä injek şol çagalar

Düşdi şu gün ýadyma.


Şu setirlem şolar üçin

Bolsun – diýýän – ýadygär.

Olar atsyz bolsalar-da,

Ol ezizleň ady bar.


Kerim Gurbannepesow
Durmuş
Çaga
söýgi bilen döredildi •