This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Daglar we adamlar

Endam-janyn asyr dişän daglara –

Iň azyndan milliard ýaşan daglara

Garry diýmän, ýaş diýmegmiz nämeden?

Emma welin ellä ýeten adama –

Ýaňy aýny pellä ýeten adama

«Garry» diýip at goýmagmyz nämeden?


Ömürlik ýaş dünýä döredýän adam,

Asyrlaň düýbüne seredýän adam

Milliard ýyl geçse-de ýigit dälmişmi?

Şeýle adamlaryň öňünde bu gün,

Şeýle ýigitleriň deňinde bu gün

Ojagaz ýaş daglar çigit dälmişmi?


Kerim Gurbannepesow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •