Goşgular Çemeni
Murgabyň kenarynda murgaply daýhan bilen
Bir tüňçe gök çaý içdik bir kesemen nan bilen.
Tüsse siňen gök çaýyň aýry bolýar lezzeti.
Ol ýene-de gaýnatdy, soň ýene-de demledi.
Ysly çaýyň başynda gyzyp gitdi gürrüňmiz.
Ýigit diýdi: «Meýdanda şeýdip geçýär her günmüz».
Ýaýlyp ýatyr çar ýana ak köýmetli kartalar,
Bu ýerlerden ysmanak çöpläpdirler atalar.
(Atam gürrüň bererdi bu topragyň taryhyn)
Indi weli bu ýerleň etmek üçin tarypyn,
Men-men diýen şahyrlar gelýär yzly-yzyna.
Olaň tapan sözlerin bagşy salyp sazyna,
Edil döwäýjek bolýar dutarynyň gapagyn...
Döwlet tapdym bu ýerden, ýene döwlet taparyn.
Açaýmanka noýabr suwdan doly ýumrugyn,
Boşadaryn pelleriň nurdan doly ýumrugyn.
Şol nurlaryň hemmesin tabşyraryn harmana.
Öýüm döner jennete, pulum döner harwara.
Watanymam baý bolar. Kolhozymam baý bolar.
Diňe şeýle bolanda meniň göwnüm jaý bolar.
«Bir «Žiguli» al!» diýýär meniň söýýän Maralym
Menem diýýän: «Entek bir pagtaň toýun guraýyn.
Wah, Maralym, Maralym, meni söýseň kaýyl men
Wertolýotam satylsa, äbermäge taýyn men!».
...Tüsse siňen gök çaýyň aýry bolýar lezzeti.
Ol ýene-de gaýnatdy, soň ýene-de demledi.
Soňra bolsa şo ýerde murgaply aşyk bilen
Atyşyp nahar iýdik ýekeje kaşyk bilen.