Goşgular Çemeni
Aladagyň başy bolsa-da ala,
Gyrgyz ýüreginde görmedim ala.
Gyrgyz ýüreginiň päkizeligi
Ak gardan-da päkdir ýüzlerçe ýola.
Ýa-da akgarlar hem päkizeligi
Gyrgyz ýüreginden öwrendimikä?
Dereleň gujagy gözeldir-gözel,
Her otuň ýapragy tutuş bir gazal.
Eger bilen bolsam, iň gözel ýeri
Gyrgyz deresine deňärdim ozal.
Ýa-da dereler hem gözelligini
Gyrgyz ýüreginden öwrendimikä?
Gök otlukda gezip ýörmek ne hezil,
Köwşüň çyga ezip ýörmek ne hezil,
Çar ýanyňda garlar doňup ýatyrka,
Yssyk kölde ýüzüp ýörmek ne hezil.
Ýa-da Yssyk köl hem yssylygyny
Gyrgyz ýüreginden öwrendimikä?