This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Rubagy – poema

Prolog

Ýene moda girýär rubagy ýazmak,

Onuň her setiri – bir bagy ýazmak.

Ol şonuň üçinem rubagy borly –

Çar setiri ýazmak – çar bagy ýazmak.


Bir bagdan gelmeli akylyň ysy,

Bir bagdan gelmeli çokulyň ysy,

Gün ysam, Ýer ysam

oňa gatyşyp,

Burnuňy gapmaly nakylyň ysy.


Baý, baý, kyn eken-ow bu käriň Omar.

Akyl, Çokul, Gün, Ýer – dört sany damar.

Dört damary tapyp, tutup bilmeli.

(Birisin tutmakdan habarber, habar!)


Rubagy ýazýanlar sanagly bolar,

Hemmesi-de ilde soragly bolar.

Gyz setirler – meňzär Agaýunusa,

Erkejik setirler – Görogly bolar.


Rubagy ýazylmaz kapyýa üçin.

Gazetde bir gezek çapyýa üçin.

Eger-de çyn bolsa rubagylygy –

Ýürekde çap bolar bakyýa üçin.


Käbir kapyýalam agsaklap barýar,

Käbir setirlerim towsaklap barýar.

Zyýany ýok. Süri agsaksyz bolmaz.

(Agsaklar iň yzdan syr saklap barýar!)


Dört setir – dört çagam. Hyzmatda bary:

Birinjim Garaja, ikinjim Sary.

Üçünjimiň adyn nädip aýtsamkam?

Öýkelejek bolýar dördünji Çary.


Üçünji setire agtaryp bir at,

Dogulanja güni dakypdym Myrat.

Körpejäm Çaryjyk basdaşlyk edýär:

«Ol myrat berenok. Men berýän myrat!»


Bagrymy garaldýar Gara köşegim,

Gözümi saraldýar Sary köşegim.

Ýöne bir ugruksa, soňun oňarýar

Myratjygym bilen Çary köşegim... 


1

Şol beripdi Baş söýginiň mähnetin...

Nirelere alyp gitdi kysmatyň!

Aglaýan bolsaň-da gülýän bolsaň-da,

Bir ýerlerden ses gelerdi ahbetin! 


2

Megerem bagtlysyň. Oňýansyň mensiz.

Men weli ölýänçäm dem alman sensiz.

Kyrk müň setir goşgy döreden bolsam –

Her harpyň içinde Sensiň, Sensiň, Sensiň...


3

Ömrüň menzillerden menzile ýetsin.

Men senden öňürti süýneýin sessiz.

Gara habar güni

gara gözüňden

Bir gara ýaş damsa, şol maňa besdir. 


4

Rubagym söýgüden başlandy şeýdip.

Indi munuň-yzy giderkä nädip?

Dünýäde söýgi kän, haýyr kän, şer kän,

Haram kän, halal kän... Gidiber gädip. 


5

Öňümden çykdy-da, diýdi bir daýhan:

«Wiý, wiý, men-ä size barýardym myhman!»

«Ýör, myhman!» Yzyma hyrra öwrüldim.

Ýol hökmandy. Myhman has beter hökman. 


6

Ýaňyrak bir ýerde gördüm bir toýy.

Arzuwlar aýdyldy goýudan-goýy.

Söz berildi çynar boýly ýigide –

Gepinden utanyp aglap dur boýy. 


7

Daşyndan seretseň – durşuna edep.

Sözi-de, ýüzi-de giden bir mekdep.

Bir minut içine girip bolsady –

Tapmazdyň dünýäde şondan biedep.


8

Ynha rubagylam düşdüler ýola.

Biri saga çekýar, birisi sola.

Aýby ýok! Hemmesi adam hakdadyr.

Ahyry ählisi üýşer bir dula.


9

– Goňşy, ugur nirä? – Rektoryň ýanna,

– Hä,okuwa girjek bolýarmy Anna?

– Anna ýatdan çykdy!» Üç sany ýegen

Üç aýlap goş basyp ýatyr eýwanda! 


10

Aý geçýär, ýyl geçýär, Üýtgeýär moda!

Öň maşyn modady. Indi – pyýada!

Köçä çykdym. Maşynlylar aňk boldy:

– Hanha pyýada bar! Hanha pyýada! 


11

Bir dostum täzelik buşlady şu gün,

Begenip, gözlerin ýaşlady şu gün.

Diýdi: «Altmyş ýaşa ýeten ýolbaşçym

Çeper kitap okap başlady şu gün!» 


12

Jaý aýdylan sözüň minneti bolmaz.

Gijä galan sözüň gymmaty bolmaz.

Rubagym şu güne hyzmat etmese,

Ertirki güne-de hyzmaty bolmaz.


13

– Goňşy, bu ses näme! Bu kimiň sesi?

– Şu jaýa täzeräk geleniň sesi.

– Kim ol täze gelen? Goňşym ýylgyrdy:

– Aý, nemeläý... täze geliniň sesi. 


14

Söýýäni gyzlardy, gözlegi goşgy.

Aşygy aýdymdy, myhmany bagşy.

Indi öz gyzlary ýetişdi weli,

Arza ýazýar yşky aýdyma garşy. 


15

Zähmet zehin berýär, zehin hem – häsiýet,

Häsiýet pähim berýär, pähim hem – hormat.

Şol bäşisi seniň doly ömrüňdir,

Birisi ýetmese – gädikdir kysmat. 


16

Beýik Pyragy dek dyzyňa çöküp

Ýazmaklyk hökman däl. Ýaz daga çykyp!

Ýöne Aýa çykaý – şahyr bolmarsyň

Beýik Pyragynyň üstünden böküp. 


17

Sadagaň bolaýyn, pähimli duşman!

Eý, owunjak duşman, men senden gorkýan.

Owunjaklar bilen hut özi ýaly

Ownuklaşman

nädip düşünşip borkan?


18

Ynanypdym dilindäki şyrrylda,

Soň düşündim gözündäki pyrrylda.

Edil görejimiň içine bakyp,

Aldap dur ol. Toba-essagpyralla! 


19

Dünýäniň ýüzünde uly zat – ygrar.

Ygraryn ýuwdana doňuzam gargar.

Doňuza gargadyp ýaşap ýörenden,

Ony ýuwdan günüm, ölmäge taýýar. 


20

Ömrüm – hapalyga hüjümdir meniň.

Ömrüm – tämizlige hajymdyr meniň.

Il günäsin aýtmak zerurdyr weli,

Öz günämem aýtmak borjumdyr meniň. 


21

Syrkaw soramaga gitjekdim şu gün.

Bir bahana tapyp, ýaltandy göwün.

Ynha indem nan symyşlap otyryn,

Nädip ýuwdup bilýäň? Düwün, eý, düwün! 


22

Gahar – zalym. Ogla bir şarpyk çaldym.

Horkuldap aglady. Duýmadyk boldum.

Şonda ýüregimi diňlän bolsadyň –

Men senden beterräk aglapdym, oglum.


23

Bir zadyň üstünde yrsarap kä gün,

Biderek agyrtsaň keýwanyň göwnün,

Ol – gahardan ýaňa uklap bilenok,

Sen – gynanyp, uklap bileňok şo gün. 


24

Bu bir durmuş. Munda kän zat bolupdur.

Ýandak gülläp otyr, bägül solup dur.

Saňa akyl berýär iň samsyk adam,

Iň akylly adam akyl alyp dur. 


25

Poema başlamda oňatdy keýpim.

Baş Söýgim bir ýerde basýardy seýkin.

Ýaňy

gök gürlän dek bir habar geldi:

«Onuň ötenine eýýäm iki gün...» 


26

Şobada özümi goýberdim aşak:

«Oňa nädip dözdüň, eý Ajal-peşşap?»

Ol diýdi: «Gelinmi, şahyrmy, gyzmy –

Meň üçin çigit dek tapawudy ýok!» 


27

Şo ýerden ylgadym mazara garşy.

Şabyrdap ýagýardy gök maýyň ýagşy.

«Taýsaň-da ylgaber! – diýdim özüme –

Taýsaň ýagşy, ölseň ondanam ýagşy...»


28

Alnym bilen öpdüm mazaryň üstün.

Gum saralyp ýatyr misli bir possun.

Ýerden owaz çykdy: «Eý, yşkyň ogly,

Indi ýanma, öňki ýananyň besdir!...» 


29

Rubagylam, sizi batyrdym gama.

Söýgüden başlapdym, çümdürdim Guma.

DURMUŞ DOWAM EDÝÄR, gözýaşyň süpür,

Häzir ýer üstünden gideli öňe. 


30

Eneň bilen bir keşigi dartyp git,

Ataň bilen bir ädigi ýyrtyp git.

Olar düýşüňde-de buýursa ýumuş,

Zöwwe turup, şo tarapa ýortup git. 


31

Bir ýoldaşym üçin aýaman wagt,

Gözlerimi satyp äberdim bagt.

Emma gözüm satyp kömek edenim

Ertir bir sag boly bermedi mugt.


32

Birowaç işiňi etmäge rowaç,

Biri boýun satyp gözlese alaç,

Iş bitirse – bir «sag bola» mätäçdir,

Bitirmese – on bäş «sag bola» mätäç.


33

Bir rubagy ýazdym. Oňat gördüler.

Bahasyn bir gyzdan gymmat gördüler.

Gazetleň birine getirdim weli,

Her setirne ýarym manat berdiler. 


34

Sen näme nebsiňe topulýaň eýýäm?

Bäş rubagy ýazyp, hopugýaň eýýäm?

Gaýtmyşym diý! Gara nebsiňi unut!

Bir köpük almanam ýazypdyr Haýýam. 


35

Rubagy diýen zat köp dürli başdyr –

Bahardyr, Tomusdyr, Güýzdür hem Gyşdyr.

Yssysy, salkyny, sowgy bolmasa,

Owadan bolsa-da şol setir boşdur. 


36

Bir rubagy okap bir Hökmürowan,

Berenmiş diýýärler şeýle bir perman:

«Şahyr sallah bolsa – gyzym şonuňky,

Ýogsa-da bar malym başyna gurban!» 

37

Bir rubagy okap ýene bir Häkim,

Berenmiş diýýärler başga bir höküm:

«Ýazan merhum bolsa – gabryny otlaň,

Gezip ýören bolsa – gözüni çekiň!»


38

Diýsek-de: «Her kimiň öz bagy bolar»

Beýik rubagyçy – Pyragy bolar.

Üçünji setirin dördünji etseň –

Köp goşgusy ajap rubagy bolar:

«Magtymguly, köňle gaýgy getirme,

Bu bir iş wagtydyr, özüň ýitirme.

Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr,

Sözüm diňlän ýok diýp, ümsüm oturma...» 


39

Däldir rubagy bir ýerden gelen.

Ol meniň ilimiň ganyna siňen.

Gadym atalarmyz, babalarmyz-da

Hüwdülenipdirler rubagy bilen:


«Allan, allan edeýin.

Baga sallan edeýin,

Bagyň gyzyl gülüni

Saňa gurban edeýin...»


Rubagy diýmeklik – ýer çörek diýmek.

Dört ýylda bişirdim kyrk sany çörek.

Ony bişirmek hem hyllalla weli,

Çeýnäp iýmegi-de başarmak gerek. 


Soňlama

Komsomol salamyn ýollap «Ýaşkoma»,

Sorapdym bir mahal: «Poema näme?»

Bir edebi işgär ýazypdy jogap:

«Kyrk kuplete ýetse, şodur poema!»


Ynha kyrk kupledim tamama geldi.

Al «Ýaşkomum»: täze poema geldi.

Hoş, Garajam, Sarym,

Myradym, Çarym!..

Beýleki çagalam salama geldi.





Kerim Gurbannepesow
Durmuş
Gadym atalarmyz babalarmyz-da Hüwdülenipdirler rubagy bilen (39-njy rubagydan)
söýgi bilen döredildi •