This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Täze ýyl arzuwlary

1

Ýagyşyň ýagmagy başarşy ýaly,

Aý, Günüň dogmagy başarşy ýaly,

Derýalaň akmagy başarşy ýaly,

Ýyldyrymyň çakmagy başarşy ýaly,

Biziň hem (bolsak-da haýsy hünärde!)

Ýagmagmyz,

Akmagmyz,

Çakmagmyz gerek.


...Köçe suwlaýanlar ýuwsun köçäni

Her gün iki gezek.

Belki, üç gezek. 


2

Jaý gurýan adamlar

döwletiň beren

Ähli çüýün, reňkin, hekin, sementin

Şol jaýa siňdirsin. Birje gramyn

Ne-hä artyk goýsun, ne-de kemeltsin. 


3

Zat satýan adamlar

döwletiň beren

Matasyn, eşigin, çäýnek, çemçesin

Magazinde satsyn, ýaşigi bilen

Jygyllygyň, howlusyna göçmesin.

Nebis diýilýän zat çenden geçmesin,

Geçse –

ýuwutjak ol bogaz düýäni.

Men bir magaziniň müdirin bilýän,

Bogaz düýäni däl, bogaz dünýäni

Ýuwutmaga taýyn. Elleri ýetse –

Aýy hem goparyp, bazarda satjak.

Halal zähmet bilen gabarsyn gapjyk,

Halal nygmat bilen bugarsyn saçak. 


4

«Žiguli»

jüýje dek köpelip barýar –

Kelpeziň ölümi, akyllyň bagty.

Sowulyň, ýene-de bir kelpez gelýär.

Işi gyssag borly saklamaň ýigdi.


Onýança maňlaýy betona degdi.

Üç çagaly maral ýas tutdy ertir...

Maşyn artdygyça – paýhas köpelsin.

Maşyn artdygyça –

Artmasyn ýetim.


5

Täze ýyl

dogulsyn müňläp ogullar,

Dogulsyn, dogulsyn,

Has köp dogulsyn.

Ýöne kiçi-girim ogullar däl-de,

Hemmesi-de goçak ogullar bolsun.

Munça goçak ogul sygarmy dünýä?

(Meger, bu arzuwym juda çökderdir)

Goç ogullar üçin ýer darlyk etmez,

Dünýä sygmaýanlar owunjaklardyr. 


6

Bir zalym kesel bar.

Adyn tutmaýyn.

Ýok bolsun dünýäden şol zalym Kesel!

Ol hakda etmäýin artykmaç gürrüň –

Gürrüň etsem, müňläp ýaralar erser.

Onuň garşysyna ne tankyt gerek,

Ne-de goşgy gerek, ne-de bir gürrüň.

Diňe derman gerek. Olam tapylar –

Edil sitromon dek satylar bir gün. 


7

Täze ýyl

şeýle bir lukman ýyl bolsun –

Nesilsiz ojaklar bolsun nesilli.

Önelgesiz enäň, perzentsiz ataň

Çökgün göwünlerne insin teselli.

Namut sallançaklar,

Namut gujaklar,

Tukat öýler bolsun «jagyl-da-jugul».

Enäň her dyzynda bir gyz otursyn

Ataň dyzynda-da şonçarak ogul. 


8

Aýlar, ýyllar şeýdip geçişip barýar.

Ynha ýene bir ýyl gerdene mündi.

Gutardy ýene bir kalendarymyz –

Hiç mahal, hiç mahal dolanmaz indi.

Dünýäde şatlyk-da, hasrat-da ýetik.

Bir adam dogulýar, bir adam ölýär.

Ömür hem, Ölüm hem çalşykly çemçe.

Gije gelinýär-de,

Gündiz gidilýär.


Dünýä aglap inýäs.

Gidemizde-de

Ýene agy bilen ugratsyn il-gün.

(Täze ýylyň gözel bosagasynda

Neçün ölüm hakda oýlandyň, göwün!) 


9

Bu gün şatlyk gerek, bu gün saz gerek.

Şowhun, gülki gerek. Ýaşasyn gülki!

Äleme inende adam diýen zat

Bir uly gülküden döränmiş ilki.

Mydam ganymyzda at çapsyn gülki.

Gülkä düşünýänleň artsyn hasaby.

Gülkä gülüp,

aga aglap bilmese –

Geýim dek kirlärmiş adam ynsaby.


10

Ullakan stolmy,

Kiçijik stol,

Uly stanokmy,

Kiçi stanok –

Haýsynyň, başynda zähmet çeksek-de,

Dünýäde bir postdan ýokary post ýok –

Adamkärçilikden ýokary post ýok.

Şol –

şu günüň, ertäň iň uly posty.

Kimde-kim şol posta mynasyp bolsa –

Hem özüniň

hem-de iliniň dosty.


Miras bolup geçsin nesilden nesle

Adamkärçiligmiz, ýagşy gylygmyz.

(Şu günki ýaşlygmyz bisüwit geçse –

Biweç bor ertirki ýaşulylygmyz). 


11

Göründi Hil atly bäşýyllygymyz.

Gülletsin ol, has-da gülletsin ili.

Iň ýokary sorta mynasyp bolsun

Hem Harydyň

hemem Ynsabyň hili.

Ol ikisi – biri-birine bagly.

Ynsap mürrük bolsa, Harydam mürrük

Täze ýyl arzuwym: zähmet adamsy

Mürrük ynsap bilen bolmasyn şärik.


12

Bir mahalky uly batyrçylyga

Bu gün talaňçylyk diýip-de bolar.

Bir mahalky uly dogruçyllyga

Bu gün ýalançylyk diýip-de bolar.


Batyrçylyk bilen dogruçyllyga

Döwür berýär käte täze bir many.

Bu güniň ullakan gahrymançylyk

Gorap saklamaly ynsan ynsany.

Kerim Gurbannepesow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •