This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Toprak

Zähmetkeş topragym, eziz topragym,

Waspyňy az edýäs heniz, topragym.

Biziň ýaly ýedi sagat işlemän,

Zähmet çekýäň gije-gündiz, topragym.


Öz teninden eşret ýasýan topragym,

Seniň arkaň gije-gündiz derläp dur.


Säher-säher turup gyzlar-gelinler

Açan bägüllerňe seýle gelerler.

Bägül gyzlaň ýygan bägülniň gadryn

Meňki ýaly bägül ýurtda bilerler.


Öz teninden bägül ýasýan topragym,

Seniň arkaň gije-gündiz derläp dur.


Saňa garap başyn egýär gozalar,

Güýz geçdikçe ol gozalar azalar.

Bäsdeş gyzlar bilen bäsdeş ýigitler

Bälçirände güýz günleri ýaz bolar.


Öz teninden pagta ýasýan topragym,

Seniň arkaň gije-gündiz derläp dur.


Döwek maşynlary hatarma-hatar,

Kerwenleň hatary ondan-da beter.

«Düýnki aç halk indi nädip ýör!» diýip

Aňkaryp dur Gündogara Günbatar.


Öz teninden çörek ýasýan topragym,

Seniň arkaň gije-gündiz derläp dur.


Derýalar hem seniň teniň dälmidir?

Içi doly parohoddyr, gämidir.

«Bu nä gudrat işdir, suwdan ot çykar?»

Diýsek-de, öň ony gören bamydyr.


Öz teninden ot ýasaýan topragym,

Seniň arkaň gije-gündiz derläp dur.


Senden medet alyp, saňa seredip,

Teniňden reňk alyp, ýene ýöredik.

Dogrusy, aslynda döränmizde-de

Ýyldyzdan gaçmadyk, senden döredik.


Öz teninden adam ýasan topragym,

Seniň arkaň gije-gündiz derläp dur.


Sen biziň enemiz, biz seniň balaň,

Ýerde çüýremezmiş topragy sylan.

Säher bilen turup, iň ilki saňa,

Onsoň enemize berýäris salam.


Sen topraga ene diýýän ogullaň

Ýagyrnysy seňki ýaly derläp dur.


Kerim Gurbannepesow
Tebigat
Watan
söýgi bilen döredildi •