This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Zähmet

Zähmet hakda kän setirler ýazypdym,

Zähmet meniň durmuşdaky şygarym.

Zähmet hakda ýene bir söz aýtmasam

Hiç ýetmedi kararym.


Babamyň babasyn öldüren zähmet,

Babamyň özünem öldüren zähmet.

Müň gezek agladyp atam pahyry,

Ömründe bir gezek güldüren zähmet.


Ajal töweregne guranda duzak,

Ýatypdyr geplemän, ýatypdyr uzak.

Iň soňky deminde: «Gidýän hoş galyň!»

Diýip, ýylgyranmyş ýekeje gezek.


Belki-de ol

ýatlap altmyş ýaşyny,

Ýatlap çeken gumun, ören daşyny,

Iň bolmanda, ölmezden öň bir gezek

Ýylgyrdandyr ýylgyrmadyk dişini.


Belki-de ol

şol ýylgyryp bakanda,

Seredendir ýyldyrymyň çakanna.

Öýüň tüýnüginden ýagtyny görüp,

Oýlanandyr ýagty günler hakynda.


Soralmandyr ýylgyrannyň sebäbin,

Özi bilen äkidipdir jogabyn.

Ýene şol jogabyň gapdaly bilen

Äkidipdir altmyş ýylyň azabyn...


Ondan bäri döwür-döwran üýtgeşip,

Toprak, dünýa, ynsan,

zaman üýtgeşip,

Şol toprakda çekýän zähmetimiz-de

Boldy ähli zähmetlerden üýtgeşik.


Indi güýjümize güýç goşýan-da şol

Islese ýer ýaryp, dag deşýän-de şol.

Umyt, ynanç, mähir, muhabbet bilen

Ýag bilen süýt ýaly goşluşýan-da şol.


Indi zähmetimiň hili başgadyr,

Indi zähmetimiň ýoly başgadyr...

Ynsany haýwana dönderen zähmet

Indi bizden ýarym asyr daşdadyr.


Dünýä ýeter ol miweleň lezzeti

Ol miweler – zähmetimiň hezzeti

Şonda-da öz adyn üýtgetmän çykar

Watanymyň «Zähmet» diýen gazeti.


Babalaň zähmeti – zähmete – mähnet,

Biziň zähmetimiz – zähmete – rehnet.

Iki dürli zähmet gördük dünýäde,

Ös, Watan, üçünji zähmete-de ýet.


Isläniňçe işle, isläniňçe geý,

Öz çeken zähmetiň miwesinden doý,

Babalaryň çeken zähmetine-de

Nesilleň adyndan ýadygärlik goý!


Üstümizden milýon ýyllargeçse-de,

Zähmet bolar durmuşdaky şygarym.

Zähmet bolar ýaşlygymda mydarym,

Zähmet bolar

gojalykda kararym.

Kerim Gurbannepesow
Durmuş
Goşgy gysgaldylyp alynan.
söýgi bilen döredildi •