This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Ýene gaýdyp geldim dogduk diýara...

Ýene gaýdyp geldim dogduk diýara,

Ýyldyza baý asmanyma gowuşdym.

Gussa bilen bakyp söwüt, çynara.

Saýasynda goşawuçlap suw içdim.


Çagalygmyň gulpaklyja gyzlary,

Höwürtgesin taşlapdyrlar bireýýäm,

Hany, nirde o ýyllaryň yzlary,

Şol yzlary yzlap geldim, eý obam!


Bu ýerde ahmyrym, ökünjimem ýok,

Ýöne nämüçindir bilip bilemok,

Çagalyk yzlaryn, tanyşlaryňy

Jepalar çekseň-de, undup bolanok.


Unudyp bolanok ertekilerni,

Säherler çyg düşen ýaşyl otlaryn.

Aýagyňa batan awy tikenni,

Saňa baş bermedik tez-tez atlaryn.


Sen ýylda gaýdýarsyň dogduk diýara,

Onuň sada görmeginden doýaňok.

Çagalygňa duş geläýmek hyýalyň,

Emma ondan daşlaşýanňy duýaňok.


Sen uly şähere dolanýaň ýene,

Bu ýerde dostlaryň, iş-aladaň kän.

Çykýarsyň şowhunly köçelerine,

Köçeler, kiosk, bildiriş, dükan.


Onsoň ýene gussa bile ýatlaýaň,

Telwas edýäň çygly atyzdyr pele.

...Şeýdip, her ýyl geçmişiňe gatnaýaň

Sen şol geçmişiňden daşlaşmak bile.

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
Watan
söýgi bilen döredildi •