This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Ýok, lukman, ýüregim hiç kime bermen...

Ýok, lukman, ýüregim hiç kime bermen,

Oň üçin pyçagny gynama, lukman!

Başga kişiň ýüregini götärne,

Derdi-azar çekerine howlukmaň!


Ony arzan alyp, arzan satmadym.

Ol maňa berilen ömrüň ykbaly.

Men ony köçeden gözläp tapmadym,

Indi bun çykaryp berärim ýaly.


Bolgusyz joşanda sesin diňdirdim,

Hak söz diýeninde erk berdim doly.

Men oňa juda kän zehin siňdirdim,

Gel-gel bun çykaryp bermezim ýaly.


Sag günüm bäsdeşim ummandy, umman,

Höwesimdi köňlüm alan ýerlerim.

Meniň bu dünýede bir baýlygym bar, —

Olam aýdyp ýetişmedik syrlarym.


Başga biri üçin gursagma kakyp,

Hakyň ýok syryma gulak asmaga.

Ýürekler diwar däl,

Oňa çüý kakyp,

Soň şo çüýden başga pikir asmaga.


Nämä degseňizem,

Degmäň ýürege,

Mydam ýürekleri sylamak gerek.

Salmaň ony başga bir del kükrege, —

Agyr düşer del syrlary götermek?!

Gurbannazar Ezizow
Söýgi
Durmuş
söýgi bilen döredildi •