Goşgular Çemeni
Bolup ýörşüň hiç maňzyma batanok,
Käýýäp ýörmäge-de ysanok bognum.
Saňa akylam-a gelerçe boldy,
Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum!
Öz diýeniň tutup ýörsüň elmydam,
Päkmikäň öýdýärsiň hemmeden beter.
Ýaşlygyňdan şeýdip ýörseň girrelip,
Düşewüntli iş başyny kim tutar?
Menem ýaş bolupdym. Ýöne başlygym
Un diýse, un çekdim, gum diýse-de gum.
Sen nireden boýnuýogyn doguldyň?
Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum!
«Onuň tutýan ýoly, päli nädogry,
Ol özünden başga bardyr öýdenok!»
Muny diýmek seň paýyňa düşüpmi?
Näme üçin başga biri aýdanok?
Saňa başda edep-ekram öwredip,
Sypaýy terbiýe bermekçi boldum.
Saňa diýdilermi — ýerine ýetir,
Hemme kişi ýaly bolarlar, oglum!
«Ol adam itdenem, beter ýaranjaň,
Duşsa uly kärlä, guýruk bulaýa».
Ýeri, seniň näme işiň diýse-ne,
Seň özüň ýaranjaň bolmasaň bolýa.
Işiň bile bol-da, dogruja ýaşa,
Senden tamakin däl köp zady göwnüm.
Işiň şowuna bor, horluk çekmersiň,
Hemme kişi ýaly bolaýsaň, oglum!
Siz ýaşlar ýa baryp ýatan iş ýakmaz,
Ýa ýürekde päklik ýokundyňyz kän.
...Wah, ýene öýkeläp gitdi peläket,
Diýmesiz sözleri diýäýdimmikäm?