This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Atalar we ogullar

Atalar-ogullar... beýik döwletdir

Şolardyr bu döwre ýaňyn salýanlar.

Ýöne käte duşýar bu iki nesliň

Arasyna çöp atmakçy bolýanlar.


Galat pikirlere uýmak ne derkar,

Işimiz şowludyr, günümiz düzdür.

Ýok, atalar biziň geçmişimiz däl,

Biziň atalarmyz şu günümizdir.


Nirä barýar naýza kimin düzülip?

Aýdym bilen dyňzap duran hatarlar?

Olar täze dünýäň goragna galan

Mizemez ynamly biziň atalar!


Olar geljegmiziň dok dänesini

Durmuşyň tarpyna atanlarmyzdyr

Ykballarna beýik synag duş gelen,

Mizemez ynamly atalarmyzdyr.


Öňden gelýär şeýle ajaýyp nakyl:

Ekin ekilmese, hasyl orulmaz.

Bu biz ahyr — eken zadyn orýanlar,

Bu biz ahyr — atalar we ogullar.


Häzir olaň kimsi pensiýa çykan,

Kimsi işde. Emma maksatlary bir:

Olar bu günleriň ogullarynyň

Gatnaýan iň kämil mekdepleridir.


Goý, dar balak geýsin, kafe gatnasyn,

Ýöne gaýtalansa ýene o günler.

Atalar dek merdem aýaga galar,

Şolaň mekdebinde okan ogullar!

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
Çaga
söýgi bilen döredildi •