This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Aty debsiläp çapma

Aty debsiläp çapma,

Säher duman içinde.

Goýber onuň jylawyn

Özi serden geçende.


Şat günüňde şatdyr ol,

Toýda şöhratyň bolar.

Magşar günüň aglanlaň

Birisi atyň bolar.


Bulaberme gamçyňy,

Köz galmasyn teninde,

Seň beren duzuň üçin

Alkyş bar her deminde.


Gamly güni kişňände, —

Eşidende ah sesin,

Gözün süpür, eý adam,

Olam adam ahbetin.

Gurbannazar Ezizow
Tebigat
Durmuş
söýgi bilen döredildi •