Goşgular Çemeni
Baglaryň üstüne gonanda agşam,
Gapyňyz kakylsa, açyň edepli.
Ol neçün gelipdir?
Niçiksi gepli?
Ýüregin gaplapdyr niçik gaýgy-gam?
Duýarsyňyz:
Ýüreginiň üstünden,
bir tukatlyk gödek ädip barýandyr.
«Meňki dogry ahyr.
Adalatly men»
Myhman size melul-melul garýandyr.
Goldaň şeýle adam gapydan gelse,
Ýüregňizi ele alyp goldaň siz!
Ýöne bir ýarasyz daňyly
bolsa,
Onuň agyrsyna şärik bolmaň siz!