This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Bir uly eşret bar ýeriň ýüzünde...

Bir uly eşret bar ýeriň ýüzünde,

Olam arzuw etmek, pikir etmekdir.

Şänik bolsa, oň maňzyna ýetmekdir.

Pikir bolsa, oň maňzyna ýetmekdir.


Adamlaryň, şäherleriň pikrin et.

Pikriň dury bolsun asman mysaly.

Onuň artyk geýmin sypyryp taşla,

Güýz baglaň ýapragyn sypyrşy ýaly.


Kitaphanalara gatnaň ýadaman,

Agras, kämil bory üçin pikiriň.

Dünýede hemme zat bal bile ýag däl,

Siz goja dünýäniň boýun ýetiriň.


Owal-ahyr uly oýda kösenip,

Gadym bir zamanlar çyzgap goşaryn,

Dünýä adamlary döretdi,

Indem

Siz bu dünýä düşünmegi başaryň.


Dünýäde her zadyň öz ýeri bolýar —

Akylly-paýhasly biziň dünýäde:

Adam suw teýinde gark bolup ölýär,

Balyklar gark bolýar dury howada.

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
Tebigat
söýgi bilen döredildi •