This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Birkemsiz gözel ýok diýenmişinler...

«Birkemsiz gözel ýok» diýenmişinler,

Belki, şol gözelem däldir birkemsiz.

Belki, iş edende ýokdur usuly,

Belki-de, özüni söýýändir çensiz.


A sen weli, ýöräp barýaň şadyýan,

Göni bakyp adamlaryň ýüzüne,

Tur, otur sen, kitap oka, suw daşa,

Sen mydam ýeke-täk meniň gözüme.

Sen gözel däl, sen köpleriň biri sen,

Sen gözel däl, sen ömrümiň ykbaly.

Bolubersin gözelleriň ýetmezi,

Sen gözel däl, kemçiligiň bor ýaly.

Gurbannazar Ezizow
Söýgi
söýgi bilen döredildi •