Goşgular Çemeni
Durmuşda köpleriň göwnüne degdim,
Köpler bolsa, meň göwnüme degdiler.
Il içinde çekdim ýekelik derdin,
(Ýekelik derdini çekenler biler.)
Köp zatlary görmän duşundan ötdüm,
Köpüsini bilgeşleýin görmedim.
Ýyllar geçip, ahyr bir açyş etdim,
Ýagny, il günäli diýip ýörmedim.
Şagalaňly köçeleriň ýeňsesin,
Ujy çür köwüşli gaşap barýaryn.
Hem owadan adamlaryň hemmesin
Hudaýlar dek sylap, salam berýärin.
Emma, ine, gujagynda balasy,
Bir ýaş ene ýaş akdyryp gözünden,
(Gözýaşyndan gördüm ahy-nalasyn),
Barýar bu ajaýyp ýeriň ýüzünden.
Ilkinji şatlygyn, ilki baharyn —
Körpejigin ol gysypdyr bagryna.
Ärsumagy dünýäniň şu säheri.
Sowurypdyr ony ýeliň ugruna.
Ýok! Diňe görmeýän men bu aýaly.
Men onuň hasratyn ýürekden duýýan.
Ýaş gelin öňünde özüm günäli,
Hemme adamlar-da günäli diýýän.
Il içinde çekip ýekelik derdin,
Aramyzda ýaşýar şol juwan gelin.
Men oňa baş egip salamam berdim:
«Bagyşlaň günämiz, eý merdan gelin!»