This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Boldy. Besdir. Hol deräniň göwsünde...

Boldy.

Besdir.

Hol deräniň göwsünde

Özüme ümsümje çadyr guraýyn

Säher-säher agras şemal öwsende,

Ýadan ýüregimi şoňa gereýin,

Ýataýyn, turaýyn belli bir wagtda.

Belli wagty iýeýin men naharymy.

Şäherden,

goh,

aladadan uzakda,

Ýok zat üçin getirmäýin gaharmy.

Howlukmaýyn.

Söz bermäýin hiç kime,

Öýüm çetde — hiç bir zady bilmäýin.

Düme oýlanaýyn,

Ýaşaýyn düme.

Gaty aglamaýyn,

Gaty gülmäýin.


Şygyrlar ýazaýyn şemal barada.

Gussajygmy ulus-ile sözläýin.

Iňrik bilen gün ýaşary arada

Ýaş bolsamam,

Gojalygmy gözläýin.


Indi näçe ýyldyr, şu hyýal mende

Toprakda nem ýetmez tohum deý ýatyr.

Ýöne çadyram ýok deräň göwsünde,

Öýümem çetde däl.

Merkezde otyr.


Gaty aglaýaryn. Gaty gülýärin.

Elmydama howlugýaryn bir ýere.

Söz berýärin,

Haýyr etjek bolýaryn,

Maňa galamyny beren illere.


Iň zerur sözleriň yzynda selpäp,

Büdreýärin.

Ýykylýaryn käýarym.

Öz şemaly bilen ýüzümi ýelpäp,

Şonda maňa medet berýär diýarym.


«Arma!» diýýän işe gümra daýhana.

Ýyndam otlulara elim bulaýan.

Bag astynda duran iki juwana

Özümkiden oňat ömür dileýän.


Şeýdip ýaşap ýörün,

Il bilen ätläp,

Il bilen deň çapyp ýyndam atymy

Hemem käte

Misli düýş kimin ýatlap,

Çadyr hakyndaky rowaýatymy.

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
söýgi bilen döredildi •