This website requires JavaScript.
Serpaý

Goşgular Çemeni

Daglar

Dünýämiziň örki, gögüň diregi,

Bardyr tomaşaly saparyň, daglar.

Bu gün saňa örkläp däli ýüregi,

Senden uly kuwwat taparyn, daglar.


Etegiňde iller mekan tutdular,

At çapyp, ýaý çekip, peýkam atdylar,

Söýüşdiler, uruşdylar — ötdüler,

Menem seni söýüp ýeterin, daglar.


Men-men diýip daga köňül bagladym,

Seni görüp, kiçiligme agladym,

Boýumy boýuňa deňän halatym,

Toba edip öňüňde çökerin, daglar.


Niçe danalaryň sözün eşitdim,

Betpälleri öz päline duş etdiň,

Bu gün gelip meniň ýakamdan tutduň

Saňa näme diýip öterin, daglar?


Syn et ummanlaryň gözel görküne,

Beýik binalaryň synmaz örküne.

Ýamanlygmy goý özümiň erkime,

Ýagşylygmy welin, aparyň, daglar!

Gurbannazar Ezizow
Durmuş
Tebigat
Muhammetýar Repowa
söýgi bilen döredildi •